• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Sürlen ýere gözüm gidýär

Sürlen ýere gözüm gidýär şeýle bir,
hemem güýzlük ekinlere;
olar üçin gyşyň, garyň gamy ýok,
bir uransoň kökün ýere.

Käşgä, diýýän, adam özüni sürüp,
bajak-bajak edip, taşlap bilsedi;
hemem her gyş aklyk alyp ak gardan,
ýaz glende bir gaýgysyz gülsedi.

Sürlen ýere gözüm gidýär, nädeýin,
adam özün sürüp bilmeýär ýer deý;
ol alaçsyz adam-adam oýnaýar,
hemem gara ýüzne çekýär ak perde...

  • 27.09.2015
  • Bendihana goşgulary
Bölüme soňky girizilenler
Men nirä gideýin 11.01.2008
Maňa berlen ömür kagyz 11.01.2008
Maňa daşdan garap 11.01.2008
Diý derdiňi, doga-däri eýläýin 11.01.2008
Pylany pylan ýagdaýda batypdyr diýip begenme 11.01.2008
Belent agaçdan asyň 11.01.2008
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019