Belent agaçdan asyň

Suduň zalynda soňky söz berlende okalan goşgy

Belent agaçdan asyň,
selme-syrkyndan asmaň,
dardan assaňyz eger, --
üzlüp bilmen wagtynda,
aýagym ýere deger!?.

Ata süýretdik diýip,
gök eşege iltemäň,
bedew saýlaň ýyldyrym deý,
tike-tike bolaýyn,
namysdan boglup ölmän!?.

Gark edeli diýseňiz,
çykaryp belent gaýa
taşlaň umman derýaga
ýa-da agzyna gatlaň, --
ýüzeý-ýüzeý gulaçlap,
demden galyp gideýin,
ýata suwda porsatmaň!?.

Ýeň astynda gizlenen
naşyja hem namartja
naganjyk bilen atmaň
ahmal wagtym ýeňseden, --
geliň, döşden çeneniň,
goşa bolsun ses eden!?.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024