Maňa daşdan garap

Maňa daşdan garap diýýärler gedem
hem diýýärler göwni ýetýär özüne.
A men özüm iýip, öz ömrüm gädip,
tutdum özüm kemgöwünlik közüne...

Maňa gaşy çytyk diýýärler örän
hem diýýärler gar ýagyp dur ýüzünden.
Meni öňe-yza süýrediler kän,
türkmenimiň at çapdyran düzünden.

Ýazsaň ýazypsyň-da goşgy diýýän bar
hem diýýän bar ýazaňda nä kyssany.
Meni sözüm bilen söýgim düýneýär,
baş azygym saýyp iýýän gussany...

Gylyç gemrip geçen garyp agalam
gahary galypdyr garaklarymda.
Damarymda -- gany ata-babalam,
ýüregim jaý tapmyş çaryklarynda...

Armany galypdyr gadymkylaryň,
aslymyň ahmyry, ýaňy men munda.
Ýa ylgap giderin, ýa ýykylaryn,
garaňky gijeler daňy men munda!

Arman, daşdan garap diýýärler gedem
hem diýýärler göwni ýetýär özüne.
A men özüm iýip, öz ömrüm gädip,
tutdum özüm kemgöwünlik közüne...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024