Ýitiren günlemme gyýylýan hergiz

Ýitiren günlemme gyýylýan hergiz,
ýitiren aýlamma gynanýan örän.
Ýitiren ýyllamma gyýylýan her güýz,
meni öz günüme goýmady hijran...

Meni öz günüme goýmady hijran,
hala aýly gije, hala nurly gün;
bu uly ýollarda üstüme syçrap,
şermisar olanlar ölüp-surnugyp...

Şermisar olanlar ölüp-surnugyp,
gara bahyllykdan ýanan oglanlar;
ýuwup, sykyp, serip köňlüm arlygyn,
kän ökündim siziň ile sowlanma...

Kän ökündim siziň ile sowlanma,
siziň bilen ýol gözlänme örtendim;
hemem diýdim indi yza dolanman,
gök gaýgydan iglemesin bir bendim...

Gök gaýgydan iglemesin bir bendim,
bir setirim süllermesin, solmasyn;
men özümi, öz aýbymy ýigrendim,
gök asmana atyp pelek almasyn...

Gök asmana atyp pelek almasyn,
barmak bükdüm: bergim känmi--algylam?
Bu ýolllaryň ykbal biler salgysyn
hemem özi alyp gider gol bulap...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019