• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Diý derdiňi, doga-däri eýläýin

Diý derdiňi, doga-däri eýläýin,
gury hyýal nursuz Gündür, gardaşym.
Nadanlygyň ýok säheri, öýläni,
tüýs başsyz-aýaksyz tündür, gardaşym!

Il diýeni akylyndan asarlar,
soň düşürip, atasyndan atarlar.
Kämil ýaýlaň gapysyn giç açarlar,
dört pasyl açylan güldür, gardaşym!

Çagalygyň toýy meňzeş, ýasy bir,
jahyllygyň jepa-tüsse-ysy bir.
Garran günüň gyzyl-kümüş-misi bir,
çöken göwnüň örki küldür, gardaşym!

Bu barlygy peslik bilen awlarlar,
soň är galmaz şer işlere aglarga.
Ham adamzat özün salar bazarga,
aýaksyz, göwresiz bildir, gardaşym!

Töhmet oky gaýdyp geler yzyna,
ajy söz ol, ölüm berer özüňe.
Hak agajy ýanmaz oda, közüňe,
bimamalalyk soňsuz çöldür, gardaşym!

Boş öwginiň ýylysy ýok, közi ýok,
paň-paňlaryň ady bar-da, özi ýok.
Har dünedir, dutary bar, sazy ýok,
ömür özüň ýalman ýyldyr, gardaşym!

Bizden öňem çyndan bakan, garan kän,
şamar dünýäň hajatyna ýaran kän.
Ölümdir ol, kepenine oran kän,
geler!
Baky alys ýoldur, gardaşym!

  • 11.01.2008
  • Bendihana goşgulary
Bölüme soňky girizilenler
Sürlen ýere gözüm gidýär 27.09.2015
Men nirä gideýin 11.01.2008
Maňa berlen ömür kagyz 11.01.2008
Maňa daşdan garap 11.01.2008
Pylany pylan ýagdaýda batypdyr diýip begenme 11.01.2008
Belent agaçdan asyň 11.01.2008
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019