Men nirä gideýin
Men nirä gideýin, agam Hangeldi,
kän kowlanan, ýaralanan keýik deý?
Ýene gamly gözlerimden gan geldi,
ýogsa indi aglamaýyn diýipdim...
Ýogsa indi örtenmäýin diýipdim,
janymy ýakmaýyn diýipdim ýadap.
Hem bir teşne, hem ýaradar keýik deý,
meger, mundan şeýdip bezikýär adam!
Meger, şeýdip irýär dünýe-döwrandan,
döwran nire, ejir bile azab-a!
Hana, ýene meçjit salýar ownanlar,
a bir ownan zowladyp dur azana!..
Ýykylan köçeler, gömülen ýollar
meçjide däl, meýlishana eltipdir.
Keç gelip talaňa düşen ykballar
eýesiz it ýaly ykýar selkildäp...
Ýetilmez menzilim ýalana uçrap,
arzuwym armana aýlanypdyr-a!
Ile baş bolanlar hapa deý syçrap,
şerden, bet nebisden şaýlanypdar-a?!.
Şamar deýin ak bäbege owsunan,
tomsy-gyşy, ýaz-güýzi lägirip.
Doýdumy ýol il hununa suwsanyň,
gandymy ýok gan içdikçe gägirip!..
Men nirä gideýin, agam Hangeldi,
kän kowlanan, ýaralanan keýik deý?
Ýene gamly gözlerimden gan geldi,
ýogsa indi aglamaýyn diýipdim!?.