Dogry sözlä duşman bolmaň

Dogry sözlä duşman bolmaň,
dost bolmak
eňil däldir, agyr çeniňden gaýta.
Düzüwmiň -- siltärler,
dalarlar, bu hak,
paýyň ýagşysy ger otdan hem gaýdan.

Dogry sözliň dosty ýokdur, elbetde,
hemem dogra yrylmaýan ýürek ýok.
Adam çekip, çydap, çöküp ezetden,
diýer ahyr: “Dogrulykdan derek ýok.”

Dogry sözlä duşman bolmaň,
kynlygyn
bilýän dost bolmagyň çenden-çakyňdan.
Dogry söz syndyryp şalyk-hanlygyn,
çykyp gelýär kän-kän egriň hakyndan.

Dogry bolmak kyndyr,
hergiz dogrynyň
gybatyny etme bile-göre sen.
Tarypyny ýetir egri ogrynyň,
der dökmegil hasyl bermez ýere sen.

Dogry sözlä duşman bolmaň,
kyndyr-la,
belki, has kyn hile bil al ýoly.
Dogry sözi bile-gere syndyrma,
bile-gere egrä ýaran bolmaly!..

Dogry sözlä duşman bolmaň!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024