Maňa düşünmezler, bilýän

...maňa düşünmezler, bilýän:
owal çal çekgeli atam düşünmez,
ýüzün sowar ter sakgally oguldan.
Bagryn ganlar üýen enem düşünmez,
bihabardyr kalba dolan dowuldan.

Düşünmez agalar, ini düşünmez,
uýalar düşünmez, gepdir-gürrüňdir.
Gygyrsam depesi, diňi düşünmez,
düşündirin diýip ýanaryn men bir.

Düşünmez derdimi diýenim ýarym,
ýagym ýamanyna, küýenin arym.
Ertede, armanda agtar ogullar,
tapar duman içre asylan darym.

Egmänim baş, epmän -- bilim düşünmez,
ezelden ylhamym -- silim düşünmez.
Gara güni gara başyna gaýgy,
güzeranyň guly -- ilim düşünmez.

Maňa düşünmezler, bilýän!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019