Ildeş

Ildeş diýmek näme, watandaş näme,
ýa tiredeş, ýa arkadaş, pikirdeş,
özbaşyňa ýaşap ýörkäň bilmersiň,
oýlanarsyň göreşeňde il üçin,
ýaralanyp, ganyň sarkyp ýatyrkaň,
ýa türmede, ýesirlikde aç, suwsuz,
ýa-da ýat illerde ýeke galaňda,
biri salam aýdar, tanyş-biliş däl,
alkyş aýdar, ýüregiňe melhemlik,
beýlekisi tanyş ýa-da meslekdeş,
has okuwly, has rahat ýerleşen,
bukulyp hat ýazar ýüregiň bulap:
ejeň öldi, biz öldürdik, ha-ha-ha,
kakaň öldi, biz öldürdik, ha-ha-ha,
ar almakdan geçen, gelip bileňok,
ar-namysdan çişip, ölüp bileňok,
tanarsyň hem tanamarsyň olary,
ildeş diýmek näme, watandaş näme,
ýok, başda däl, soň aňlarsyň bulary.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024