Nebit barka

Nebit barka, gaz barka
kelle gerek däl eken,
tersine her kelleli
aýaga batjak tiken,
demirtiken, belki-de,
ýok edilmeli derhal,
KGB-äni iberip,
töhmet ýa neşe atyp,
gazetlerde, TW-de
gara çalyp ýüzüne,
nebit barka, gaz barka
äýnek dakyp gözüne,
görmejek kän görüni,
gazýan wagty gyssanmaç,
garny doýsa, göwni aç.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019