Günä meselesi
Doganyňam bolsa turaňda turman,
duraňda durman,
dolananam bolsa ejiz,
egbar hala düşen akylly dymyp,
köp bilýänden bolup, ýalan ýylgyryp,
başyny galdyrman hiç bir buluda,
ýa görse-de çekinip,
başga many çykmagyndan,
garalýar-ow asman diýse,
öňünde özüňi günäkär duýma,
on gezek däl, ýüz gezek däl,
deň bolmadyk söweşlerde söweşip,
ýaraladyp ýürek-bagryň,
eneň-ataň, çagalaryň
dagdy edip yzyňda,
ölseň-de öl özüň üçin,
el-aýagy abat wagty,
bilde barka kuwwaty,
söweşmedik, söweşmejek
ildeş üçin ýaralanma,
ýa ýaraň açylyp ölme.