Özüňi özüň öw
Özüňi özüň öw diýipdir biri,
özüňi özüň döw diýipdir biri,
başgalara garaşma-da,
çünki beýle möhüm işi,
jogapkärli işi örän,
berip bolmaz öňýetene,
hemem göze diňe başgany
öwmegi pişe edinen,
döwmegi pişe edinen.
Tarypla özüňi durman,
ertir-agşam hem günortan,
men gowy diý, beýik diý ýa,
aýlanaýyn özümden diý,
boljak ýokdur meniň ýaly,
öwgi diňe adamy däl,
hoşwagt eder hatda maly...
Ýöne gynan şa, soltana,
ýa-da soňky saýlanýanlar,
saýladýanlar pul, mal döküp
döwlet äri daşdan baksaň,
otdan geçen, suwdan geçen,
kanun diýip kasam içen,
özüni öwdürse nirde nadana,
okan, bilýän özi ýaly daşyndan,
emma durky bilen satlyk adama!
Özüňi özüň öw diýipdir biri,
özüňi özüň döw diýipdir biri,
diýipdir bu işi ynanma kimsä,
sebäp seni senden gowy
ne tanan, ne bilen bolar,
ýöne şalar, hanlar ýaly uçurma,
uçurma olary öwýänler ýaly,
uçurma olary döwýänler ýaly,
aralygy gözle mydam,
üzme ýerden aýagyňy, sebäbi
perişde ýok hem bolmajak
adamlaryň içinde,
bolsa-da perişde ýaly,
ak guş ýaly diýilýänler,
özüňi özüň öw mydam,
özüňi özüň döw mydam,
hemem gaty ynanma
mydam hemme diýilýäne.