Alla, ýol, millet we araba

Alla beýik, geçirimli diýýärler,
diýýärler azaşsaň, görkezer ýoluň,
öňem görkezendir, aýan,
çykaryp içinden görüň,
ýöne başar açyk ýoly görmegi,
başyň urup durman gyzyl diwara,
gara gana boýap şol bir kerpiji,
iň bolmanda üýtget ýeriň, hyýalyň,
aşa uly bolsa, kiçelt-de päliň,
aýdylmanka özüň anyklap däliň,
başgany däl, özüň düzet öňürti,
kime gerek öňsüz, soňsuz iňirdi,
türkmen goşy dura-bara, görýärsiň,
birmahal ölmeli, ýitmeli millet,
bir närse saklaýar, her gün örýärsiň,
gidýärsiň işiňe haky çagyryp,
bolmasa yzyňda ýok hiç nökeriň,
ýa-da gelen päli, niýeti başga,
kynam bolsa, arabaňy tigirle,
bolsa bolsun biraz daşda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024