Garyplara garşy

Garyplara garşy urşa goşulsaň,
aýdylmaýan açyk, aýdyň,
yglan edilmedik göni,
ýöne dowam edýän soňsuz,
eger-eger baýlara däl,
beglere däl, ogry-jümri,
bankirlere garşy däl,
däl polise, suda garşy,
adamlary ezýän günde,
iş edinip uzak ýyllar,
garyplara garşy urşa goşulsaň,
öz siňegin gorap bilmez,
ne ýaragy, ne-de iýjek
çöregi bar öýünde,
ýeňiş gazanarsyň hökman,
orden dakynarsyň döşe,
atly-derejeli adam bolarsyň,
hemem özüň bilersiň
düzüw adam däldigiň,
gaýdyp bilmejegiň yza,
düzüw bolup bilmejegiň,
söweşmän çökeniň dyza.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019