Seniň iliň
Bu meniň öz pikirim däl,
okadym ýa eşitdim öň birinden,
ýadymda galypdyr çykman,
meger, göwni galyp aýdan bir bende:
eger-de sen darkaş gursaň, göreşseň,
a ulus il diňe garap otursa,
gol gowşurup gapdalyňda, keseden,
agzyna suw alan ýaly,
ol il seniň iliň däldir,
ýurdum diýip, bolma däli.
Bu birbada dogry örän,
öýkeleseň ilden, günden,
ýöne bite gahar edip,
kim geçipdir ýorganyndan?
Sen göreşseň, darkaş gursaň,
hem ýeňilseň gaýta-gaýta,
üstüň-başyň tot-tozan,
agzyň-burnuň gan bolsa,
a millet garasa, gülse,
ýa içinden ýylgyrsa,
zat diýmese şükür et,
ýöne eger zat diýse-de,
hatda daşlap öldürse-de,
olar seniň iliň bolar,
hemem saňa gülýän wagty
öz boýnuna syrtmak salar.