Iň soňky çynçy we syýasatçylar

Olar asla ýalany däl,
çyny ýigrendiler ilki,
ýakasyndan tutup, silkäp,
soraga çekdiler günüň-gününe,
sorag bermesini goýýança, belki,
soň türmä basdylar toslama, töhmet,
şyltak atyp çynçyň boýdan-başyna,
türmede-de goýman asla erkine,
awy gatyp ertir-agşam aşyna,
şeýtsek goýar diýip pikir etmegin,
hyýal ýüwürtmegin hatda,
hemem diýip ahyr goşular bize,
ýalançylar hataryna,
syýasata bolup gülki.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024