Watançylyk näme?

Watançylyk näme, ildeşlik näme,
näme tiredeşlik, garyndaşlyk ýa,
arkadaşlyk, kärdeşlik ýa ýene kim,
pikirdeşlik, garşydaşlyk,
bilýän, bu bar watandaşy
neşekeş ýa parahor,
ýa-da birden ikisi-de,
ogry-jümri, garyp-gasar,
üstesine bisowat, kör
etmek däldir bile-göre,
iteklemek däldir ýa ýykmak däldir,
dykmak däldir asgynlany
otuz ýyllap gara göre.

Watandaşlyk däldir diňe “mähriban
watandaşlar, eziz adamlar” diýmek,
a soň ýalan syrtarmak,
agyz urmak agzyň ýeten ýerine,
eliň gelse, gözsüz, gulaksyz goýmak,
aýryp hatda internetden milletiň,
däldir güýlüp atmak goýun mysaly,
öldürmek ýa iýmek bolmasa netiň.

Watançylyk däldir ýat ilde duşup,
ýa görüşmän, ady üçin ýigrenip,
ildeşiň ýa tiredeşiň, kärdeşiň,
bileleşip, topar tutup,
ýa-da ýeke gelip depmek,
ýa ýurduňda petiklenen,
ilde açyk interneti ulanyp,
däldir, meger, düzüw adamyň işi,
palçyk zyňmak, gum sepmek.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024