Maslahatçylar we sen

Saňa ýaşlygyňdan aýdar ulular,
geçirer her hili gepi, gürrüňi,
ýaşulular diýilýänler,
maslahat bererler bolar, bolgusyz,
saňa görä has köp eýen çöregi,
boýlary, göwresi artykmaç, uly,
akyllary has kän ýaly, bolmaly,
emma näme aýdýanyny bilmeýän,
ýa-da özi ynanmaýan özüne,
dinini, ynanjyn alla, adama
ýitiren ýa asla tapmadyk entek,
tampadyk özüni, imanyn, belki,
bir gün içip, bir gün metjide gatnap,
beýleki gün para alyp, başarsa,
eşiden zatlaryn dakjak bor saňa,
bilip ýa bilmän,
ýa-da ýöne endik boýunça gelýän,
başyna iş düşse, çökýän bada-bat,
içgä urýan, ejizleýän, aglaýan,
satýan kärdeşlerin, dosty-ýaryny,
başga iş tapmasa, berer maslahat,
alsaň, walla, bagtyň ýatdygy, meger,
bu goşgyny hasaplama maslahat,
ýa-da ulularyň itmek döşünden,
öz-özün gaýtalap, düşýän aşaga,
ýöne sada bolsaň, edýän başagaý.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024