Agzybir millet

Mekdeplerin bileleşip, bildirmän,
ýa bildirip ýykan ile bilimsiz,
ýa bisowat diýip bolmaz,
bilendir ol edýän işin gürrüňsiz,
haçan, nirden gelip, nädip urmaly,
ýa depmeli haýsy tarapdan gelip,
gowşak ýeri nire mekdebiň ýa-da
iň talapkär pedagogyň mekdepde,
aýdar olar bir-birine syr berip,
bahalaryn, nyrhyn kimiň, neneňsi,
ýa haýsy ötükden geçmeli nädip,
mekdeplerin, sähel ýylda, eý, aman,
tekizlän millete agzala diýmäň,
agzybirdir olar örän,
mekdebini ýumrup, syr edip bilse,
görüp durka ýerden ýörän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019