Türkmençilik

Türkmençilik näme, soradylar kän,
emma anyk jogap beren bolmady,
boldy çöp-çalama uran, bulaşan,
hem ýykylan daýanmady, galmady...

Daýanmak ne, bir-birini depeläp,
ýurdundan gaçyrsa, hoş boldy millet,
türkmençilik, meger, şundan çen tutsaň,
başga zat däl, diňe minnet.

Türkmençilik – ýalançylyk, belki-de,
alla, hudaý diýmek diliň ujundan,
ýüregiňden ynanmazlyk hiç zada,
ýa ynanmak diňe mala, şöhrada,
goý, ol ogurlanan bolsun aç-açan,
ýa ýeňsesi açyk, hatda çaga-da,
garyp ösen, lälijek däl,
gülsün seniň kimdigiňe düşünip,
türkmençilik, belki, pyýada geçmek,
hyýalyňda at münüp?

Türkmençilik, belki, dymmak mydama,
ýa ýalandan başyň atmak, goldamak,
goltgy bermek nirede pes adama,
ýa galmagal, nadaralyk, kim näme,
ýa-da özüň näme diýýäň, bilmezlik,
arasynda sümmek gamyş, syrkyna,
garaşmak bişerne mugt düşjek mantyň,
hem hiç haçan hiç mantyga gelmezlik.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019