Bolýan bolsa

Bir guýruksyz itdir, gaçgyl, Nesihat ýokmaýan ärden. Magtymguly

Berk käýinç,
duýduryş ber, türmä bas,
çalşyr soňsuz ministri, häkimi,
içki eşik ýaly dynman, dannaman,
peýdasy ýok ýurda munuň bir köpük,
bir özüňe peýdasy bar, belki-de,
ýene birin bellärsiň sen ertesi,
öňküden-de saly gowşak bigüman,
dişin gysýan, başyn egýän has aşak,
bolşewigi, kommunisti görüpdik,
özi öz-özüni çökeren duşap,
üstesine özün öwen ýadaman,
ýaşa içiň, daşyň bilen şadyýan,
bolýan bolsa şeýle ýaşap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024