Adam zerurlygy
Adama adam gerek... Marina Boýkowa
Adama adam gerek,
diňe ýatyp, turmaga däl düşekde,
egin-egne berişmäge jahanda,
hal-ahwalyn soramaga jaň edip,
çaýlaşmaga wagtal-wagtal,
ýa-da çykyp gezim etmäge bile,
bir obada, bir şäherde, ýa bolman,
başga ýerde, başga ýurtda, uzakda
iç döküşip bolýan käte hat ýazyp,
adama adam gerek,
ýeke bolsa ýeke bolýar ol çünki,
iki ýa ýoldaşly bolup bilmeýär,
ýüzüne ýylgyrýan ýalan,
beýlesine baksa çytylýan bilen,
çakýan bilen awy-zäher durşuna,
adama adam gerek,
gerek däl hiç şärik bolmak ynsana
öz-özüni ýeňmedigiň urşuna.