Meýletin körlügiň sebäbi

Eger-de sen körüň gözlerini açsaň, onuň ýene garaňkylyga dolanasy geler. Berber nakyly

Oýun etme körlük bilen,
meýletin ýa mejbury,
gan bilen dakylan boýna,
bäri-bärde, ýeňil-ýelpaý garama
durmuş diýlen ýowuz oýna,
ol adamy ýöne ýere kör etmez,
ýöne ýere lal bolmaz il,
ýa saýramaz kapasada,
kim islemez ýagtylygy,
ýa çykmagy garaňkydan,
sud, prokuror hem KGB
goş basmasa gapyda?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024