Watan kime gerek?
Baýlar-a bähbidin arar, pukara hupbul watan. Kemine
Watan diňe žurnaliste gerek däl,
gerek däl ol diňe şahyr, ýazyja,
ýüregini goýan orta,
orta goýan başyny-da,
deň bolmadyk söweşlerde,
watan gerek alymlara,
inženere, bar bolsa,
lukmanlara gerek, ak halat geýen,
gerek ol öwretmen, mollum bolana,
obada ýa şäherde, hiç parhy ýok,
gerek watan studente, okuwça,
polisiýa gerek watan,
gerek watan KGB-äde
sudýa, garalawçy, aklawçy, bary
bolmalysy ýaly işläp bilmeýär
bolmasa watanda kanun hem kada,
kagyzda däl, iş ýüzünde işleýän,
para bolsa, talaň bolsa ýeke-täk,
ýa-da öňki SSSR-de bolşy dek,
diňe wagyz bilen durmaýar watan,
dogurmaýar beýle watan ärleri,
hala daýhan, hala halal harbyny,
watan üçin, kanun üçin işleýän,
hem işleýän ili üçin,
watan diňe žurnaliste, ýazyja,
ýa-da onuň aýalyna gerek däl,
gerek watan ulus-ile,
hem artyk gerek däl hile.