Ritoriki sorag
I.M.
Okap, göz ýetirip köp zada, meger,
bizden ozal tanan bolşewik hany,
ýöne hemmä toşap ilki öz jany,
kädä gawun diýip ýazan bir dana,
ýa garpyza diýen sogan,
hem özüne dost bolmadyk ahyrda,
ýeke-ýalňyz, içip ölen
bize nädip dost boljakmyş, jan dogan?