Iň kyn we rahat türme

The hardest prison to escape is in our mind. Unknown

Çykmasy ýa gutulmasy kyn türme,
duşmandan, döwletden öňürdip ilki,
öz beýniňde, pikiriňde gurulýar
diýen mamla ýüz üç göterim, belki,
çagalykdan, ýakyn-ýadyň kömegi,
hemem elin kerpiç guýup, daş daşap,
demir daşap, tapan ýeriňden arman,
guran türmäň seni saklaýar duşap.

Aýtmak artyk, diýmek artyk, dogrusy,
bilýär hemem görýär muny köp adam,
käbirleri synanyşýar gaçmaga,
käbirleri het etmeýär, sebäbi
öz öýüne gelýär oňa girende,
rahat, ünjüsiz oturýar, turýar,
iň esasy, ýatsa süýji uklaýar,
beýlekiler, gaçan hemem tutulan,
yzyna getirlen ençeme gezek,
hemem soňsuz şarpyk dadyp,
gaçjak bolmasyny bes edýär ýadap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019