Kimlik
Başga birin salyp aýak astyna,
ýa birlerin, özüň ýaly janawer,
garaz, günün görjek bolýan her edip,
galjak bolýan gitmän biraz,
beýgeldiň nä beýgelmediň birsellem,
özüňçe ynanyp beýikligiňe,
depesinden garap her eglen başyň,
beýik däl sen, hem bolmarsyň hiç haçan
mertebe basgylap,
adam kemsidip,
diňe borsuň özün açan,
hemem görkezersiň nähili ýalpak,
ýa nähili telperdigiň, tötänden
kim bolsaň-da näme ýalkap.