Sen millete ýaşamagy öwretme

Sen adama ýaşamak ne, ölmek ne,
gara ýere depin bolmazdan ozal,
bäri-bärde düşündirip bilmersiň,
çünki olar şübhelener, geň galar,
sen neneňsi biljek beýle zatlary,
hemem mamla bolar, belki,
sen adama ýaşamagy öwretme,
özüň bilmän ony ilki.

Seret ozal nämä berýäň wagtyňy,
düşünjek bol işiň näme, derdiň ne?
Nirelere geldiň ýa nirde galdyň,
nämeleri görmän geçdiň, gördüň ne?

Sen haçan, nirede başladyň ýaşap,
haçan pikir etdiň ýeňsäňi gaşap,
haçan ilki sorag berdiň özüňe,
men näme ýa kimkäm diýip,
göni garap durmuşyňa, gözüňe?

Sen halkyňa ýaşamagy öwretme,
ölmegi öwretme hasam,
ýa öwretme göreşmegi,
ýa-da garaşmagy entäk,
sebäbi adamlar özüçe ýaşap,
ölýär, meger, özüçe täk.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019