Özüm üçin ýatlatma

Saňa başga birniň gepin getirýän,
Seň gepiňem eltip ýetirer başga;
Seň ýanyňda başga gargap oturýan,
Başgaň ýanda seni urýandyr daşlap.

Käýinme, zeýrenme boşdan, gedemden,
Çünki her gün görýäň barýanyn nirä;
Ýokaryk dyrmaşan durar bir çende,
Aşak gaýdan aňsat saklatmaz diräp.

Aýdylmadyk söz ýok, diýilmedik gep,
Nadan dostdan dana duşman ýagşymyş;
Boljak bolma öňýetene tüýdük, dep,
Gowşak tutsaň, eliň gyýarmyş gamyş...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019