Bilmen, ömrüm aklykmy ýa garalyk

Bilmen, ömrüm aklykmy ýa garalyk,
el-aýagym baglanypmy ýüpsüz-ow?
Ýollar ýognap, duranmy ýa garanyp,
ne ýükçiýem, maýrylyp men ýüksüz-ow?

Hany meniň uzan ýerine ýeten
ellerim, ellerim, uzyn ellerim?
Hany, nirde meniň öl ýere biten
dillerim, dillerim, uzyn dillerim?

Hany, göwün, göwündirin öýtmedik,
hany ýalan dünýä aldanan ýürek?
Döwük-enjigimi özüm seýkledim,
özüm öz gämime bolup men kürek!

Bilmen, ömrüm aklykmy ýa garalyk,
ýorgudy kyn, gara gaýga galdym-ow;
iki günlük myhmanmy men garanyp,
aňmanmy men elipmidim, daldym-ow?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019