Kazy-kelan problemasy
Ýalan sözleriň baryny Satarsyňyz pula, kazym. Kemine
Kazy bolmak aňsat hemem aňsat däl,
sebäbi öňýeten günäkär, asy,
diý isläniň ýeňsesinden, keseden,
göni diýseň, olam adam, goranar,
gaty gitseň, has gatyrak direner,
iň müşgüli wezipeli, kürsüli,
haka, çyna gulluk edip saklanmak,
sebäbi asylar her hili bolýar,
käsi aglap, türmä gitse, sem bolsa,
käsi para berip, kazy pahyry,
belki-de, ömürlik dar kisä salýar.
Kazy bolmak aňsat hemem aňsat däl,
çünki kelle gerek berim bermäge,
hem almaga ýeri gelse, gelmese,
soň ýokarka geçirmäge çöpläniň,
parahorja bir daýzany bilýärin,
köp bilýärdi öz ýanyndan, biçäre,
türmä gitdi bolandan soň pul mesi.