Hudaýyň aglan güni
Adam bir gün aglady,
daga çykyp, ýakyn baryp hudaýa,
päl-niýetim gowudy,
ýagşylyk etjekdim adama, bolsa,
hemem her gün öz üstümde işledim,
jylawladym nebsimi kän,
ýogsa etjek işi kändi,
emma neden beýle boldy,
ogry-jümri depä çykdy,
ugran ugrum ýapjak, belki,
biri ölse, beýlekisi
ondan beter on esse
açgöz bolup döreýär,
bu näme üçin beýle bolýar,
ogryň eli ýöreýär?
Emma gökden ne seda,
ne ses çykdy birsellem,
a oňundan gürledi ol gübürdäp,
adam hiç zat düşünmedi,
soňra çabga geldi,
aldajy çabga,
adam gaçyp atdy ýakyn gowaga,
sebäbi her damja, göjek mysaly,
gijä galsa, aljakdy,
adam pikir etdi gowakdan çykman,
alla-da tankydy halanok eken,
ýa aglady gynanyp ol halyma,
ýa-da öz halyna gynandy taňry,
çäresi ýok ogrularyň öňünde,
gelmek nire, gaçdy aňryk.