Amanat adam
Özüni gurmadyk ýa ogurladan,
ýa beýnisi, ýüregini bireýýäm
zibilhana eden bendä,
isleseň-de eliň bermek, uzatmak
müşgül bolar günbe-günden.
Adamda, aýdarlar, namys bolmaly,
mertebe bolmaly, ölüp goralýan,
ýöne özi ýok edilen adamda,
ýa-da özün ýasamadyk, gurmadyk,
bilmeýän bendede adam bolmak ne,
ýa özgeden kesek diläp, daş diläp,
polluk tagta diläp birinden ilki,
beýlekiden üçek üçin bir zatlar,
adam özün gursa bolmazmy heläk?
Eger-de kerpiji bolsa adamyň,
öz palçygyn, öz sementiň ulanyp,
hem özünden önse agaç-ugajy,
çüý-çekiji, armatury, simleri,
gursa özün ýüzün satman kesekä,
parhy näme kapitalist ýa tersi,
ýa öýkünmän, özi bolup,
ýa ýaranjak bolman ýakyna, ýada,
nämedigini, nirä barýar, bilmeýän,
sebäbi guraňda özüňi, walla,
her çüýi birinden alsaň delenip,
boýuň bilen borja girseň,
biri geler ertir kesegin diläp,
beýlekisi diýer daşymy aldyň,
kerpiç, sement, suw ýa palçyk beripdim,
ýa saman alypdyň palçygyň üçin,
diýseler çen boldy, yzyna berseň,
sen alanyň berseň, özüň berersiň,
hem özüňde daýanara, durara,
ýaplanara zat galmanyn görersiň.