Adamyň päli

Adam, meger, durmuşdan däl,
uly pälden ýeňilýär,
özünden başlaman ilki,
başlaýar ol hudaýyndan, taňrydan,
dileg edýär ondan otursa, tursa,
talap edýär özgelerden, garaşýar,
talap etmän özünden öň,
a soň için tutup nägile bolýar,
gahar edýär ýer ýüzünde özüçe
hudaýyň ornuna çykan beglere,
hakykatda azaşan kän,
özi ýaly ejiz, nadan,
hem ýoluny tapmaýan,
hemem uzak, gowy, gözel
ýaşamaly halyna,
öz-özüni har edýär ol,
basgylaýar päli bilen özüni,
belki, şundan ölüp ýa-da
ölmezden öň ir ölýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024