Hudaýyň beren bagty

Hudaý bize bermedimi bu bagty,
düşünmek bagtyny ynsan derdine,
ýarajak bolmagy ile, ulusa,
näme üçin aljak bolýar adamlar,
berilmedik beýle ömür, belki-de,
aslyşýarlar soňuna çen pahyrlar,
ýapyşýarlar sypaldan-da iň soňky,
zyýan edip, saklap boljak mysaly,
hudaý bize beren bolsa bu derdi,
dermanynam berjek ýaly.

Ýöne derman diňe bize derkar däl,
gerek ol ozaly ozal berilmän,
düşünmek bagtyndan mahrum galana,
hem özüni tapmadyga hiç haçan,
gulluk edip özünden öň ýalana,
ýa-da olar gerekmikä biz üçin,
sapak bermek üçin günde-günaşa,
hem hudaýyň beren bagtyn synamak,
onuň bahasyny ýatlatmak üçin,
şu sebäpden eglendikmi biraz kän,
ýat illerde, ýurtdan göçüp?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024