Adamyň gidişi
Adam öz ýurdundan gidenden soňra,
başga alaç tapman, çykyp,
enesi, atasy dirikä şindi,
öldürmänkä ýuwaş-ýuwaş hökümet,
bogup, demligini daraldyp kem-kem,
terror edip için, daşyn, töweregin daraldyp,
ol öz ili, ýurdy bilen saklanýar,
galýar iliň, belki, ülüşi bolup,
ýat illerde, sürgünde,
ili üçin ýaşaýar,
ili üçin göreşýär,
öz ýanyndan, başardykça çytraşyp,
emma gidenden soň ene-atasy,
goýberilmän waý diýmäge eje jan,
goýberilmän waý diýmäge kaka jan,
üzülýär ol watanyndan, ilinden,
ili üç bölege bölünýär soňra:
bir bölegi bolýar parahor iliň,
para alýan başardykça, öwünýän,
bir bölegi para aljak geljekde,
öňki parahorlar tutulsa, ýitse
türmede ýa başga ýerde gutulyp,
bir bölegi bolýar para berýänler,
başga alaç tapman ýa-da
para bermek bolup adat,
adam öz ýurdundan gidenden soňra,
gidenden soň ejesi hem kakasy,
öz ýurdundan gidýär, belki, ymykly,
meýletin däl, gaty ýadap.