Akylly adamlaryň gysgaça taryhy

Olar sowet adamlary, akylly,
bolşewigi öwmelimi, öwdüler,
basmaçyny döwmelimi, döwdüler,
sebäbi diýlenin etmeseň bilýäň,
wagon-wagon esger gelýär merkezden,
hem Garagum goramaýar, uçary,
ýaraglary ýeser kommunist agaň,
satyn alýar şahyrlary, ýazary,
bolsa aňyň zäherleýär, bolmasa
arpa döküp, zäherleýär guýyňy,
a söweşip ölenleri jaýlatman,
ite-guşa şam edýär ol, edenli,
hem eli, hem uzyn aýagy onuň,
damagyny çalýar tapyp gidenňi,
diýmek, Stalini söýmeli diňe,
diýmek, gygyrmaly öňe, täk öňe!

Olar sowet adamlary, akylly,
hemem çeýe çenden-çakdan,
kolhoz boldy, sowhoz boldy edepli,
çagalaryn ak mekdebe iberdi,
partiýany öwmelimi, öwmeli,
Staline sögmelimi, sögmeli,
Lenin baba baky babamy, baba,
ýa partiýa birden gyşarsa saga,
hemme saga gyşarmaly,
ýa partiýa birden gyşarsa çepe,
hemme çepe gyşarmaly,
hemem hiç bir gep-gürrüňsiz
gör diýenin görmeli,
ber diýenin bermeli,
iň esasy ikiýüzli,
ikigöwün ýaşamagy,
geldim eşek, gitdim eşek
işlemegi öwrenmeli.

Olar sowet adamlary, akylly,
gowy bilýär kime lepbeý diýmeli,
ýa kim bilen nirde näme iýmeli,
meger, şunuň üçin ösen, ulalan,
atly, derejeli azlyk bolmady,
çagalary gördi edep-terbiýe,
gürlemedi gürlemeli bolmasa,
bermeli ýerinde berdi parany,
almaly ýerinde aldy parany,
emma soňra näme boldy, bilmedi,
eger-eger düşünmedi.

Olar sowet adamlary, akylly,
okan boldy uly okuw, ulaldy,
başlyk boldy başlygyna baş atýan,
başlyk däli basgylaýan, kemsidýän,
emma birden ne döw çaldy,
tanyş-biliş, ýalym-ýulum ýokaryk
alyp çykýan esasy ýol ýumruldy?

Olar sowet adamlary, akylly,
ugrun tapyp, ýolun tapyp aşakdan,
ýokaryk, ýokaryk çykdylar durman,
emma ýokarynyň ýeli, tupany
gör, näçe ýyl başlyk iýýär gaýgyrman.

Olar sowet adamlary, akylly,
hemem höçjet, berim berip ýokaryk
ösýäni bar, galýany bar entegem,
emma akyllydan akylly çykýar,
tanyş tapýar olar ösmek üçin däl,
tesmek üçin, ösmän saklanmak üçin,
aman galmak üçin ýokarky ýelden,
aldajydan adam iýýän,
wah, bu akyl gerekdi öň,
ýitmez ýaly türmede soň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019