Göreşmedigiň göreşi
Göreşilýän ýere gelmedik millet,
garaşylýan ýerde üýşer, garaşar,
ajap eýýam gelmezmi,
ýa ýokarky bilmezmi,
çydar ýaly däl-ä artyk,
gözün diker uzak-uzak ýollara,
ýa gidenler öwrülmezmi,
hemem toguň pulun tölär mugt bolan,
tölegini tölär suwuň,
tölegini tölär gazyň,
özbaşyna jaýy bolsa owarram,
emma dogan-gardaş bolup,
iki ýa-da üç maşgala
bir üçegiň aşagynda gyslyşyp,
galan bolsa başga alaç, çäresiz,
men az ýakdym çyra diýip,
sen köp ýakdyň gazy diýip,
ýa-da diýip çaýy sen içýärsiň kän,
biri-birin suda berer, göreşer,
hakykat hem haky üçin özüçe,
sebäbi hiç göreşmese,
dar bolar öý hemem köçe.