Ýatan ýeriň ýagty bolsun!

Baýramgülüň gelnejesi Gözeliň ruhuna bagyşlanýar.

Meniň onlap doganym bar,
doganoglan, çykanlarym, dolanan,
arkadaşym, pikirdeşim, kärdeşim,
hukuk okan arasynda,
kanun bilýän, kada bilýän,
harbysy bar, watan goran,
taryhçysy, dilçi, mugallym, pylan,
gürledilse maňa gezek bermejek,
emma Sapar azanda,
türmede süýrelýän wagtym,
Allamyrat Allakuly agzyndan
meýdan edýän wagty üstüme, arman,
bir doganym, doganoglan ýa çykan,
ýa daýylar gypjakly,
babaraply üstesine,
ýeke biri gelmedi,
edýäniňiz näme diýip,
Gözel geldi, gözel dogan,
Baýramgülüň gelnejesi,
hemem diýdi Otuzowa, Begmyrat,
türkmen gelýän däldir giýewi üçin,
emma ol dogandan ezizdir bize,
sebäbi ýüregi il diýip urýar,
eger ol türmede ölmeli bolsa,
diýildigi günümize gar ýagýar!

Meniň onlap doganym bar,
doganoglan, çykanlarym bar ýene,
daýylarym babaraply, gypjakly,
emma KGB-de süýrelýän wagtym,
Allamyrat Allakuly agzyndan
meýdan edýän wagty üstüme dynman,
ýa ýalbarýan wagty Begmyrat Otuz,
toba et-de, başyň gutar, eglenme,
kän hossarym ýokdy meniň,
gelip bilýän KGB-ä,
haýbat atýan wagty Muhammet Nazar,
bolup galýaň diýip bir atsyz mazar,
Gözel geldi, gözel ýürekli dogan,
bir armanym, tabydyny
egne alyp bilmedim,
bagyrdym ýat ilde bagyşla, dogan,
diýip biljek ýeke zadym:
çagalaryň bagty bolsun,
ýatan ýeriň ýagty bolsun!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024