Hakykaty ýoýaňdan soň
Mantygy ýa logikany
öýde gizläp goýaňdan soň,
ýa ýalanyň ummanynda
hakykaty ýoýaňdan soň,
hem yzyňda bolsa millet,
başy çaşan ýa çäresiz,
el çarpmaga ýaraýan täk,
belki, hemme zady edip bolýandyr,
ýöne hakykata garşy göreşmek,
hakykaty ýoýmak soňuna çenli,
aga ak däl, gara diýip gygyrmak,
haramy, halaly garmak her günde,
her sagatda başarsaň,
aldy hemem siňe baksaň, bakmasaň,
köp adamy alýandyr,
hemem hemmäň yzy bilen ýa açyk,
ýa aýagyn sessiz basyp gelýändir,
hakykaty ýoýmak, meger,
aýap goýmaz seni, meni,
çagalary yzymyzda,
ýa olaryň çagalaryn,
şunuň ýaly ýene biraz
aňdan öňe düşse garyn.