Päliňi üýtgetseň

Sen meniň goşgymy okama, dogan,
hatam ýazjak bolma okamok diýip,
belki, olar seniň üçin däl entek,
okasaň-da düşünmersiň,
sebäp ara açyk örän,
uçaýmasaň ganat baglap,
geçip bolmaz ony ýöräp.

Kerimi-de öwme maňa,
özüň oka, ýat tut, okat çagaňa,
Berdinazar, Ezizow hem seniňki,
Mämmet Seýit, Halyl...
dawam ýok asla,
men o taýdan geçdim, hatda Pyragy,
oglanlykdan çeken özüne dartyp,
kän garaşan ajap eýýama, walla,
meni onda saklap bilmedi artyk.

Diýme maňa hudaý baryn görýändir,
bu onuň öz işi görse, görmese,
diýme biz nädeli taňry bermese,
hem diýme oňaly bereni bilen,
toýda-baýram diýme il bilen gelen,
bu pelsepe meni çekenok indi,
sebäp onuň birçak yzy göründi.

Özüň diňle aýdymlary hem sazy,
siňe baksaň, içi naladan doly,
ýa-da goşul bagtdan bökýän mähellä,
men öň partiýanyň beren bagtyny,
bagtly çagalygyn gördüm obada,
pagta ýygdym tejen harmany üçin,
emma beýle bagty islämok artyk,
hem islämok nobatyny ýumurtgaň,
bir halta un, kepek üçin bolmanda,
güýjüm ýetmez uruşmaga, durmaga,
a soňundan el çarpmaga gitmeli,
sen isleseň oka ellerin çarpyp,
altyn zynjyr dakynanyň goşgusyn,
ýa az görseň, güni üçin, elbetde,
şahyrlaryn otuzynjy ýyllaryň,
oka biraz yza git-de.

Men özümi sorag edip ýaşadym,
hem hudaýy sorag edip ýaşadym,
synandym hem başarmadym durmagy
el çarpylýan ýerde ör turup uzak,
sebäbi bilýärdim sorag bermek kyn,
gadagan ýa soragy bar soragyň,
süýregi bar has ýamany yzynda,
men o taýdan geçdim, sag-aman, şükür,
wezipe ýa at-dereje gerek däl,
ertesi gün syrtmak boljak ähtimal,
bu meniň saýlawym, elbetde, zorlap
dakjak bolup hyýal etmedim kimsä,
galan galar türme gurulýan ýerde,
her kim öz ykbalyn özi saýlaýar,
hem saýlaýar çagasynyň ykbalyn,
pikir etme, gaharym ýok, kinäm ýok,
bagyşladym gülenleri yzymdan:
türmä düşdi, he-he,
ýurtdan agçdy, he-he,
ejesini jaýlap bilmedi, wah-wah,
doganyny jaýlap bilmedi, wah-wah,
kakasyna bir pil gumy ýetmedi...

Bagyşladym, belki, düşündim bu gün,
her kişi özüne bermeli göwün,
her kim özün galdyrmaly bir sere,
pelle-pelle aşak düşmezlik üçin,
bile-göre aşak düşüp,
ýöne adamçylyk, eger,
el çarpylýan ýerde bolmajak bolsaň,
çagalaryň bilen galmajak bolsaň,
soňy türme, ölüm bilen gutarýan,
goý, bolmasyn hiç kimsäniň ykbaly,
ýa-da diri günüň ölmejek bolsaň,
aýdaly, kommunist şahyrlar ýaly,
adamçylyk, birden üýtgetseň päliň,
meniň goşgularym okap bilersiň,
görmek üçin ýoluň dogrusyn, däliň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024