Durmuş sapaklary

Her büdürän daşyň ýagy däl saňa,
ýa ýagyşlar, buýduran,
ýa-da gyşlar,, gagşadan kän,
geýinmäge mejbur eden,
ýa-da güneş teşne eden, pes eden,
her öňüňden çykan duşman,
dost donuny geýip, belki,
bilseň ýa-da başga ýandan seretseň,
diňe ýagy däl saňa,
öwredendir, belki, bir zat,
ýagy däl öňýeten başlyk,
meger, ornun gabanyp,
ýa-da lezzet alyp çyndan,
depäňden basýan aşaga,
belki, türme, belki, sürgün,
biraz soňra seretseň,
hem synlasaň geçen ýoluň,
gelen, ýetişen ýeriň,
gahar bilen gazaby,
ýigrenji hem kinäni,
süýşürip bir gyra aýryp,
iň ozaly özüň iýýän,
sapak bular, belki-de,
aýdylan kän ozal, eýýäm.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019