Hatar meselesi
Gurulmanka bagty ýatan hökümet,
doglan güni ösdüm diýip gygyrar,
depesine nadan çykyp,
adam ölmez öz zäheri almasa,
aslyşmasa gorky bilen gümany,
diňe ýylan, içýan çakyp.
Gurulmanka bagty ýatan hökümet,
bir ýaşyndan işlär özüne garşy,
gözlär, tapar işlejegi hemişe
gurmaga däl, ýykyşmaga,
millet kömekleşer hökümetbaşa
bir-birini entetmäge, urmaga,
hem dar ýere dykyşmaga.
Gurulmanka bagty ýatan hökümet,
doglan güni özünden pes,
hem özüni saklamajak,
ýa-da saklap bilmejek,
belki, kömek etjek galmaga uzak,
hem özüne garşy işlejek mydam,
hökümete garşy işleýän diýip,
garşydaşlar toparçagyn döreder,
kiçijik Stalin hersi içinden,
öňki hojaýyndan, gyzyl bolşewik,
kommunistden agzy ýetse,
egnin iýýän doýman, dolman,
goldaw alýan düýşünde,
hemem oňa daýanyp ýa daýanman,
biri-birin iýjek, ýok etjek bolýan,
hakykatda aladasy, işi ýok,
millet bilen gara günde bogulýan...
Gurulmanka bagty ýatan hökümet,
hemem onuň garşydaşy, opponent,
heniz aýagynda durmany bilmän,
bir ädim öňüni görmäni bilmän,
gygyrar döşüni urup, ýaralap,
diňe men bar, diňe men bar, diňe men,
eger biri ölse ýa türmä düşse,
pikir etme gygyrýanlar azalar,
ogly-gyzy, täze nesil ýetişer,
gurulmanka bagty ýatan hökümet,
meger, onuň iň ajaýyp tarapy,
ýetişdirer, belki, görelde bilen,
işlejegi, durmajagy hiç haçan,
elbetde, özüne garşy,
hökümetçi bolsun, ýa-da garşydaş,
getirer yzyndan hatarma-hatar,
her adam özüni derňeýän däl-de,
başgalary derňäp diňe ile däl,
ozaly özüne bolanda hatar.