Ömrüň manysy
Sen ömrüňe many ber!
Daşda durup öwenlere guwanma,
ýa ýeňsäňden sögenlere gynama,
öz-özünden manysy ýok durmuşyň
haýsy-haçan dogulsaň,
ýa ýaşasaň näçe uzak,
garyp ýa-da köşgi-eýwan içinde,
sen ömrüňe many ber,
many ber sen naçar eneň
göterenne goýnunda,
ulaldanna ak süýt berip, emdirip,
hemem akja gundag bilen
süýji hüwdä dolanna,
urşuň yzynda galan,
ýetim eneň, esir eneň
doguranna many ber,
hemem ataň getirenne şäherden
her çykan kitaby ýaltanman, tapyp,
sen many ber her bir okan setirňe,
kitap okap ýatyp agşam,
irden turup kitaply,
kitap okap düşünmedik,
ýa gatyny açmadyk,
ýa-da päliýaman bolan
bimagnyny, mantyksyzy
golaýyňa getirme,
ýurduň bolsun ýa mysapyr,
ýat illerde kösenseň,
türmä düşseň, açlygyňa many ber,
ýurtdan gaçsaň, çöregiňi
diläp iýmän, gazananňa many ber,
many ber sen her geçiren günüňe,
syýahata baran ýerňe many ber,
ýa dynç alyp, duran ýerňe many ber,
sebäbi il soňuna çen gutarmaz,
göwnüňi geçirme ilden,
ýa şarlatan hemişe
bolar diýme geçginli,
biri biler, biri görer bolmanda,
soňuna çen durdy diýer özünde,
ýa-da diýer dänmedi hiç sözünden,
ýa diýmese, parhy näme,
sen sözüňe many ber,
sen ýüzüňe many ber,
bir bolmasyn näkes bilen,
gidimiňe, gelimiňe,
ölümiňe many ber!