Ýagşylyga ýakyn oglan

Ýagşylyga ýakyn oglan, ýamana ýat ýüregim,
meniň ýazym-ýagşylygym, ýalkanym az görüp bolar;
bet niýetden yrak olan, bet pälden bibat ýüregim,
meniň sazym-söhbetimiň galkymyn az görüp bolar...

Meni dostuma ýamanlap, duşmana öwürip bolar,
hemem güýzän umytlarym puşmana öwürip bolar,
düňderip bolar dünýäni gybat bilen, gep bilen,
hemem çuňňur guýulary çöp bilen çöwürip bolar...

Ýamana ýaman diýmezler, derkary ýokdur diýmegiň,
ýalana ýalan diýmezler, ýaşarlar ýanyp, güýmenip,
ýelden ýüwrük ýyllar geçer, aýlar öçer aglaşyp,
ýyldyzlar ýyglap öçer, galmasy ýok eglenip...

Uýanym haýyr-sahawat, şerden bizardyr dünýe,
aňtanym otlag-öleňler, jeňden bizardyr dünýe,
damardan, gandan nem berip, galdyranym tirsegne,--
gaharu-gazap-galplykdan öňden bizardyr dünýe!

Mydary mydar edinip, bürgüt diýip bürgüde,
arkadaga arka berip, galman gara bergide,
özüm özümi igeläp, ýazlap ýaz-gyş ýazgydym,
ýaýyp giderin barymy, syn salara sergi deý...

Ýagşylyga ýakyn oglan, ýamana ýat ýüregim,
meniň ýazym-ýagşylygym, ýalkanym az görüp bolar;
bet niýetden yrak olan, bet pälden bibat ýüregim,
batdan degil, otdan degil, etdendir, ýazgaryp bolar!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024