Gowulyk
Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr. Magtymguly
Gowy bolsaň, gowy zatlar
gitseler-de, gaýdyp geler diýýärler.
Bu, belki-de, öz-özüňi
yza çekjek bolmak gamdan, gaýgydan,
hemem ynam gowy ynamsyzlykdan,
umyt eden ýagşy umytsyzlykdan,
gowy bolsaň, gowy niýetiň bolsa,
hem özüňe, hemem ile,
hatda görip, göýdük bende
çyksa gaçan çukuryndan,
gury gelip, gury gitmän,
diýip ýagşy dileg etseň,
gowy bolsaň gowy hatda
bu jahanda galsaň, gitseň.