Nadan ata çykanda

Gaç öňünden ata çykan nadanyň,
bu pyýada geçelgesi,
men geçmeli ilki diýme,
bellik bar-a görnüp duran,
görer, durar, belki, diýme.

Gaç öňünden nadan ata atlansa,
wagşy ata, gözleri gan,
pikir etme adalata ýeterin,
maýyp bolsam ýa-da ölsem,
o dünýede, keminden.
Adalat, belki-de, maýyplyk däldir,
ölmek däldir bir nadanyň elinden.

Eger seniň özüň alyp bilmese,
ejeňi öldürer at münen nadan,
kakaňy öldürer at münen nadan,
doganlaryň, ýegenleriň gul eder,
öwürer kellesiz, aňsyz mahluga,
eline pul düşse telefon alýan,
gymmadyndan, elbetde,
a soň internetde agtaryp, tapyp,
nirede boş zada gülýän...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019