Dialog
Goşgy okamaýan, okasa-da düşünmeýän türkmen bilen ýol ugrunda edilen gürrüňden
“Goşgujyk ýazýarmyň?”
“Hawa, ýazýaryn.”
“Nämejik diýýärsiň?”
“Her haýsyndan bar.”
“Akyljyk berýärmiň?”
“O-da tapylýar.”
“Ýanýan-köýýän” diýip, aldaýarmyň ýa?”
“Hemişe aňsat däl çynyňy ýazmak.”
“Watan!” diýen bolup aglaýarmyň ýa?”
“Käte şeýle bolýar, dolýar-da damak...”
“Bolmadymy ýazsaň şadyýan zatlar?”
“Gülseň halamaýar haly berbatlar .”
“Biraz çuňa gitseň bolmazmy onda?”
“Şony etjek bolýan başarsam ýöne...”
“Ýönesi näme?”
“Düşünmezler öýdýän sözüň düýbüne.”
“Ony gaýgy etme, men düşünerin!”
“Onda ertir çuňňur ýazyp başlaryn.”
“Şeýt, boş zatlara giderme wagty!”
“Onsoň goýarsyňmy “goşgujyk” diýmäň?”
“Uzynrak ýazsaň, o sözi aýtman...”
()