Giden we gitmedik

"Giden getirer, oturan nyrh sorar." Atamyň köp gaýtalan nakyly

Görnüp duran zady soraýan bendä,
hemem jogap talap edýän,
üstesine hemleli,
näme jogap bermeli?

Mysal üçin agaçlaryn almanyň,
tut agajyn hatar-hatar ekilen,
ýeri gerek bolup çapypdyr döwlet,
walla, näme alma ýok,
ýa gurçuklar aç ölýärler,
pile saramaň deregne?
Ýa näme üçin seredenok başbakan
iliň-günüň geregne?

Başbakany saýlan bolsaň,
ýa-da bolsaň saýlamadyk,
ýa nirde bolanyň bilmeýän bolsaň
bu zatlar bu ýere gelip ýetýänçä,
ýa-da eneň-ataň nirde bolanyn,
ýa bilmeýän bolsaň dünýe,
durmuş nädip işleýär,
nädip jogap berýär eden işiňe,
ýa, elbetde, etmedik,
alla kömek eder, garaş bendesi,
getirmeýär gitmedik.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024