Atsyzyň islegi

Lakama bukulýan ýa-da
lakamy-da ýok entek,
sebäbi ýaltanýan lakam almaga,
lakam üçin oýlanmaga,
ýa biliner diýýän lakamym bolsa,
talap edýär, tankyt edýär üznüksiz,
adam hukuklary gerek,
gerek sözüň azatlygy,
ýygnanyşmak, beýan etmek,
hem hereket azatlygyn,
azatlygy ykdysady, syýasy,
azat hemem adalatly saýlawlar
gerek diýýär bukulyp,
garaşsyz bolmaly kazy-kelanlar,
garalawçy, prokuror, parahor
hakimýetler günde ýa-da günaşa
süpürmesin diýýär adama köwşün,
metbugatda, mediada ýalanlar
paş edilsin, ýene kän zat isleýär,
ýöne bu işleri başga etmeli,
başgalar çykmaly orta, meýdana,
hemem zerur bolsa goýmaly başyn,
çagalaryn ýetim goýup gitmeli,
lakama bukulýan ynjaljak şonda,
şoň üçin oň diýenini etmeli.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024